- ýykgyn
- ◊ ýykgyn etmek — Bir tarapa bil baglamak, bir zada ýüregiňi bermek, meýilli bolmak.∙ Her märekäni özüne tarap ýykgyn etdiren wagtyn boldumy? (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)∙ Gylyçnyýaz hem olaryň tarapyna ýykgyn edýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Aňňatlar ilkibada biraz dul-sul diýip tykyraşsalar-da, Halnazaryň at-abraýyna ýykgyn edip, guda boldular. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.